Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:42 - Mukaddes Kitap

42 Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Гүнорта меликеси кыямат гүни бу несле гаршы чыкып, оны хөкүм эдер, себәби ол Сүлейманың пәхимини диңлемек үчин, ериң аңры уҗундан гелди. Ине, бу ерде Сүлеймандан-да үстүн Бири бар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:42
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.


Süleýmanyň pähim-paýhasy hakynda eşiden ýer ýüzündäki ähli patyşalar Süleýmany diňlemäge adam ýolladylar.


Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ