Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:41 - Mukaddes Kitap

41 Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Ниневе халкы кыямат гүни бу несле гаршы чыкып, оны хөкүм эдер, себәби олар Юнусың вагзы билен тоба гелдилер. Ине, бу ерде Юнусдан хем үстүн Бири бар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:41
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Reb maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl haýyn Ýahuda garanda adyl bolup çykdy.


«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».


Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.


Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.


Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».


Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar.


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir.


Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi.


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ