Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:40 - Mukaddes Kitap

40 Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Юнусың үч гиҗе-гүндиз балыгың гарнында галышы ялы, Ынсан Оглы-да үч гиҗе-гүндиз ериң багрында галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:40
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.


Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.


Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar.


Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.


Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ