Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:34 - Mukaddes Kitap

34 Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Эй, алахөвренлер несли! Ынсаның дили йүрегинден җошаныны сөзлейәндир. Шейлеликде, өзүңиз эрбеткәңиз, нәдип сиз оңат затлар сөзләп билерсиңиз?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:34
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.


Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.


Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly.


Danalygyň ýüregi dile paýhas berýär, onuň sözüni ynançly edýär.


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.


Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.


Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.


Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ