Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:32 - Mukaddes Kitap

32 Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Ким Ынсан Оглуна гаршы сөз айтса, багышланар. Эмма Мукаддес Руха гаршы айдылан сөз багышланмаз. Ол шу дөвүрде-де, гелҗекде-де багышланмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:32
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz.


Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar.


Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar.


Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.


Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Bu ebedilik günä bolup, onuň boýnundan asylar».


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz.


Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler.


Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ