Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:28 - Mukaddes Kitap

28 Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Мен арвах-җынлары Худайың Рухы аркалы ковян болсам, онда Худайың Шалыгы сизе-де гелендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:28
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.


Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Şalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.


Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.


Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir.


Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ