Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:25 - Mukaddes Kitap

25 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эмма Иса оларың пикирлерини билип, шейле дийди: «Ичинде бөлүнишик болан патышалык даргар, өз ичинден бөлүнен шәхер я-да өй берк дуруп билмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:25
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.


Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz?


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ