23 Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi.
23 Тутуш халк хайран галып: «Бу Давудың оглы дәлмикә?» дийишди.
Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.
Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.
Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy,
Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.
Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.
«Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi.