Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:20 - Mukaddes Kitap

20 Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Адалаты еңше етирйәнчә, енҗилен гамшы дөвмез, түтейән пелтәни сөндүрмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:20
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.


Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy?


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz.


Görsem, ine, bir ak at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde ýaý bardy. Bu atlynyň başyna bir täç geýdirildi. Ol täze ýeňişlere taýyn ýeňiji kimin çykdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ