Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:18 - Mukaddes Kitap

18 «Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 «Ине, Мениң сайлан Бендәм, гөвнүхош болуп, Оны сөеним; Рухумы Онуң үстүне гоярын, Ол миллетлере адалаты ыглан эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:18
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.


Bu Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Kolosiýadaky Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihe degişli bolan sadyk doganlarymyza dogaýy salam! Atamyz Hudaýyň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.


Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ