14 Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
14 Фарисейлер дашары чыкып, Исаны нәдип ёк этмелидиги барада маслахатлашдылар.
Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler.
Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.
Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.
Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.
Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar.
Ýahudylaryň baştutanlary Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar.
Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy.
Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler.
Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.
Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.
Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler.
Olardan käbiri Ony tutmak isledi, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.