Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ол ерде эли шел ачан бир адам барды. Исаны айыплаҗак болуп, Ондан: «Канун боюнча Сабат гүни хасса шыпа бермек болярмы?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler.


Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar.


Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.


Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.


Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi.


Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.


olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Munuň üçin ýahudylaryň baştutanlary sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek gadagan» diýdiler.


Bu eýwanlarda gaty köp hassalar, körler, agsaklar, ysmazlar ýatyrdylar.


Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz?


Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ