Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:5 - Mukaddes Kitap

5 Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Көрлер гөрйәр, агсаклар ылгаяр, дери кеселлилер тәмизленйәр, керлер эшидйәр, өлүлер дирелйәр, гарыплара Хош Хабар вагыз эдилйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:5
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.


Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.


Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?


Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Isa olara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň.


Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy.


Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy.


«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.


şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.


Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.


Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär.


Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz».


Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ