Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy.
Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.