Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:29 - Mukaddes Kitap

29 Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мениң боюнтырыгымы дакының-да, Менден өврениң. Мен мылайым хем пес гөвүнлидирин, җаныңыз рахатлык тапар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:29
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,


Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.


Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.


Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.


Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr.


Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesihiň buýruklaryna tabyndyryn.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun:


Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


«Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ