Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.
Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,