Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:25 - Mukaddes Kitap

25 Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шол вагт Иса сөзүни довам эдип, шейле дийди: «Эй, Атам, ериң ве гөгүң Хөкүмдары! Бу затлары акылдарлардан, дүшүнҗелилерден яшырып, чагалара аян эдениң үчин Саңа шүкүр эдйәрин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:25
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.


Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».


Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.


Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.


«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.


Älem-jahany we ondaky ähli zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Hökümdary bolup, Ol ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ