Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:23 - Mukaddes Kitap

23 Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эй, Капернаум! Сен арша гөтерилерин өйдйәрсиңми? Ёк, сен довзаха ташланарсың, себәби сенде гөркезилен гудратлар Содомда гөркезилен болсады, онда ол шу гүне ченли сакланып галарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:23
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha, Sion gyzyny gara buluda gaplady-la! Ol Ysraýylyň gözelligini gökden ýere taşlady. Ol gahary gelen güni Öz aýagynyň kürsüsini terk etdi.


seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.


Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.


Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.


Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar.


Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.


Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:


Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň.


Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».


Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.


Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.


Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.


Dawut geljegi öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ