Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:21 - Mukaddes Kitap

21 «Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 «Дат гүнүңе, эй, Хоразин! Дат гүнүңе, эй, Бетсайда! Сизде гөркезилен гудратлар Сур билен Сидонда гөркезилен болсады, онда олар биреййәм җул гейнип, күл үстүнде отурып тоба эдердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:21
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!


Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi.


Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi.


Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy.


Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.


Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.


Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar.


Emma Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Sidondaky Sarepat şäherinde bolan bir keseki dul aýalyň ýanyna iberildi.


Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi.


Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi.


Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi.


Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ