Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.
‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar.
Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.