Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip gutarandan soň, ol ýerden çykyp, golaýdaky şäherlerde öwretmäge we wagyz etmäge gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иса он ики шәгирдине өвүт-несихат берип гутарандан соң, ол ерден чыкып, голайдакы шәхерлерде өвретмәге ве вагыз этмәге гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 11:1
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy,


Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.


Şunluk bilen, olar ýola düşdüler we ähli adamlary toba çagyryp, wagyz etmäge başladylar.


Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.


Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn.


Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk.


Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys.


Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, özüňe buýrulanlary doly we birkemsiz berjaý et.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ