Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Муңа дерек азашан гоюнлара меңзейән ысрайыл халкының арасына барың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz.


Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».


«Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar».


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ