Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Иса бу Онкилере шейле буйрук берип, олары халкың арасына ёллады: «Кесеки миллетлериң арасына гитмәң, самариялыларың хич бир шәхерине гирмәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:5
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler.


«Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy! Deňiz ýakasyndaky ýol, Iordanyň aňyrsy! Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!


Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar.


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi.


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men hem olary dünýä iberdim.


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi.


Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy.


Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ