Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:42 - Mukaddes Kitap

42 Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Ким Мениң шәгирдимиң хорматы үчин, бу пес сайылянларың бирине диңе бир кәсе совук сув берсе-де, сизе догрусыны айдярын, ол асла сылагсыз галмаз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:42
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi.


Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler».


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.


Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ