Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.
«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.
Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.
Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen».