Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:28 - Mukaddes Kitap

28 Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Бедени өлдүрип, җаны өлдүрип билмейәнлерден горкмаң. Говусы, бедени хем, җаны хем довзахда ёк этмәге гүйҗи етйән Худайдан горкуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:28
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz diňe Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň. Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden gutarar».


Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».


Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Aýallar ölen ýakynlaryny direlen halda yzyna aldylar. Käbirleri bolsa direlişden soň has oňat ýaşaýşa gowuşmak üçin, azat bolmakdan ýüz öwrüp, jebir-süteme döz geldiler.


Emma Kanun Çykaryjy we Kazy birdir, Ol halas etmegi-de, heläk etmegi-de başarýandyr. Başga adamlara kazylyk eder ýaly, sen kim bolupsyň?


Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ