Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:26 - Mukaddes Kitap

26 Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Шонуң үчин хич кимден горкмаң. Япык болуп, үсти ачылмаҗак, гизлин болуп, билинмеҗек зат ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:26
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Üsti açylmajak gizlin zat, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ