Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:22 - Mukaddes Kitap

22 Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Мен себәпли хеммелер сизи йигренер, эмма соңуна ченли чыдан халас болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:22
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.


Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.


Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.


Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Eý, doganlarym, eger dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geň galmaň.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ