Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:2 - Mukaddes Kitap

2-4 Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2-4 Шол он ики ресулың атлары шулардыр: биринҗиси Петрус лакамлы Симун ве онуң доганы Андрыс, Зебедейиң огуллары Якуп билен Ёханна, Филип, Бартоломей, Томас, салгытчы Матта, Алфейиң оглы Якуп, Таддей, ватанчы Симун, Иса хайынлык эден Юдас Искариот.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:2
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy.


Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi.


Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.


Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar.


Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy.


Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi.


Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan:


Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi.


Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi.


Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi.


Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi.


Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar.


Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi.


Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi.


Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler.


Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi.


Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şol şägirtdir. Biz onuň şaýatlygynyň hakykatdygyny bilýäris.


Şonda Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk etmekçimisiňiz?» diýip sorady.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.


Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa:


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.


Ol Ýohannanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi.


Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler.


Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Men Ýohanna bulary gördüm we eşitdim. Bulary eşidenimden we görenimden soň, bu wakalary maňa görkezen perişdä sežde etmekçi bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ