Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:17 - Mukaddes Kitap

17 Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Адамлардан әгә болуң! Олар сизи ерли казыете табшырарлар, синагогаларында гамчылап енҗерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:17
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Men: „Ýa Rebbim Isa, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussag edip ýenjenimi gowy bilýärler.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy.


Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ