Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ине, Мен сизи мөҗеклериң арасына гоюнлар кимин ёллаярын. Шонуң үчин йылан ялы акыллы, кепдери кимин сада болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.


Hudaýymyz Reb aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.


Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.


Emma Ahykamyň ogly Gedalýa Kareýanyň ogly Ýohanana: «Sen Ysmaýyl hakda ýalan sözleýärsiň. Bu işi etme!» diýdi.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken.


Akyllylar bolsa çyralary bilen birlikde gaplarda ýag hem alýarlar.


Emma akyllylar: „Ýok! Bize-de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler.


Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir!


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ