Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 10:15 - Mukaddes Kitap

15 Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Сизе догрусыны айдярын: кыямат гүни ол шәхериң ягдайы Содом билен Гомора шәхерлериниң ягдайындан хас бетер болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 10:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.


Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir.


Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.


Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn.


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ