Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.
Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.