Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 1:22 - Mukaddes Kitap

22-23 Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22-23 Буларың хеммеси Реббиң пыгамбер аркалы: «Ине, бой гыз гөврели болуп, Огул дограр. Онуң адына Иманувел дакарлар» дийип айдан сөзүниң берҗай болмагы үчин болды. Бу ат «Худай бизиң билендир» диймеги аңладяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 1:22
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Bu Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:


Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».


Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim.


Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».


Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.


Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.


Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Öz pygamberleri arkaly bu Hoş Habary wada berdi.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ