Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ол бир Огул дограр, сен Онуң адына Иса дакарсың, себәби Ол Өз халкыны гүнәлеринден халас эдер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 1:21
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn.


Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursadynda Saradan doguljak Yshak bilen baglaşaryn».


Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.


Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.


Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.


Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.


Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel dakdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ