Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Юсуп бу хакда ойланып йөркә, Реббиң бир перишдеси онуң дүйшүне гирип: «Эй, Давут оглы Юсуп! Сен Меръеме өйленмекден горкма, себәби онуң гөвресиндәки Мукаддес Рух аркалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 1:20
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.


Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.


Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.


Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.


Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.


Dogruçylyň pikiri adyldyr, erbetleriň maslahaty haýynlykdyr.


Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.


Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?


Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Ahykamyň ogly, Şapanyň agtygy Gedalýa olara we olaryň goşunyna ant içip, şeýle diýdi: «Babyllylara gulluk etmekden gorkmaň. Ýurtda galyp, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda özüňize oňat bolar.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.


Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:


Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi.


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.


Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ