Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Иса Месихиң доглушы шейле болды: Онуң эҗеси Меръем билен Юсуп адаглыды, эмма олар энтек яссыкдаш болманкалар, Меръем өзүниң Мукаддес Рух аркалы гөврели боландыгыны билди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 1:18
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!


Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.


Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi.


Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa,


Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; emma Maňa bir beden taýynladyň.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ