Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ыбрайымың ве Давудың неслинден болан Иса Месихиң несил дарагтының язгысы, ине, шейледир:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 1:1
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda,


Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.


Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.


Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek? Ol diriler diýaryndan mahrum edildi, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.


Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi.


Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.


Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň wagyz edýän Hoş Habarymdyr.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ