Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 9:29 - Mukaddes Kitap

29 Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Иса олара: «Бу хили арвах-җынлары Худая дога-дилег этмекден башга хич зат билен чыкарып болян дәлдир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 9:29
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.


Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi.


Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar».


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.


Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.


Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym.


urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ