27 Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy.
27 Эмма Иса огланың элинден тутуп галдырды, ол хем еринден турды.
Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.
Mähelle daşary çykarylandan soň, Isa içeri girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy.
Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady.
Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi.
Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir.
Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.
Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.
Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady.
Onsoň Petrus onuň sag elinden tutup, oňa ýerinden turmaga kömek etdi. Ýaňky adamyň şobada aýaklaryna ysgyn geldi.
Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.