Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 8:33 - Mukaddes Kitap

33 Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Эмма Иса өврүлип, шәгиртлерине серетди ве Петруса: «Чекил өңүмден, шейтан! Сен Худайың ишлерини дәл-де, ынсан ишлери хакда ойланярсың» дийип кәеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 8:33
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez».


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm».


Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.


Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler.


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr!


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Emma Isa öwrülip, olara käýedi. Onsoň olar başga oba gitdiler.


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun.


Bu gaty jaýdar aýdylan sözlerdir. Şonuň üçin-de, sagdyn imanly bolmaklary üçin, olary paş et.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ