Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 8:31 - Mukaddes Kitap

31 Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Онсоң Иса шәгиртлерине Ынсан Оглуның көп гөргүлер гөрмелидиги, яшулулар, ёлбашчы руханылар, Төврат мугаллымлар тарапындан рет эдилмелидиги, өлдүрилмелидиги ве үч гүнден соң дирелмелидиги хакында өвретмәге башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 8:31
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Siz Mukaddes Ýazgydaky: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy.


Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.


Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ