26 Isa: «Oba girme» diýip, ony öýüne iberdi.
26 Иса: «Оба гирме» дийип, оны өйүне иберди.
Isa olara Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.
şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.
Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.
Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar.
Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.
Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi.