Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 8:15 - Mukaddes Kitap

15 Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Иса олара: «Хүшгәр болуң! Фарисейлер билен Хиродың хамырмаясындан әгә болуң» дийип, дуйдурыш берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 8:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.


Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.


Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy.


Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.


Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy.


Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ