Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 6:48 - Mukaddes Kitap

48 Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

48 Иса оларың гайыгы кынлык билен күрекләп баряндыкларыны гөрди, себәби ел оларың гаршысындан өвүсйәрди. Даңдана голай Иса көлде сувуң йүзүнден йөрәп, олара тарап гелди ве янларындан гечип гитҗек болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 6:48
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.


Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.


Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.


Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.


Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi.


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


«Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.


Gaýyk bolsa şol wagt eýýäm kölüň ortasyndady, tolkunlar gelip, oňa urulýardy, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz.


Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasyndady, Isanyň bolsa ýeke Özi kenardady.


Emma olar Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine arwah görünýändir öýdüp gygyryşdylar.


Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr!


Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.


Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.


Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ