32 Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler.
32 Онсоң олар гайыга мүнүп, еке өзлери бир чола ере гитдилер.
Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
Şägirtler mähelläni şol ýerde galdyryp, Isany oturan gaýygynda özleri bilen alyp gitdiler. Olaryň ýanynda başga gaýyklar hem bardy.
Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar.
Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy.
Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip haýran galdylar.
Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi.