Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 5:23 - Mukaddes Kitap

23 Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Оңа көп ялбарып: «Мениң гызҗагазым өлүм яссыгында ятыр. Гел-де, эллериңи онуң үстүнде гой, сагалып яшасын!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 5:23
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy.


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.


Isanyň ýanyna ker hem peltek bir adamy getirip, onuň başyna elini goýmagyny sorap, Oňa ýalbardylar.


Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.


Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.


Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar.


Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi.


Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady.


Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.


Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ