Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.
Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary,
Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,
Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.