Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 16:17 - Mukaddes Kitap

17 Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Иман эдйәнлер шу аламатлары гөркезерлер: Мениң адым билен арвах-җынлары ковуп чыкарарлар, тәзе диллерде гепләрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 16:17
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi.


Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler. Şonda Petrus:


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Iýerusalimiň töweregindäki obalardan gelen mähelle-de hassalary we arwah-jynlardan ejir çekýänleri getirýärdi. Hassalaryň hemmesi şypa tapýardy.


Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi?


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ