Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Ol ikisi hem yzlaryna öwrülip, muny beýlekilere habar berdiler, emma olar bulara-da ynanmadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ол икиси хем ызларына өврүлип, муны бейлекилере хабар бердилер, эмма олар булара-да ынанмадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 16:13
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.


Emma olar Isanyň diridigini we Merýeme görnendigini eşidenlerinde, muňa ynanmadylar.


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».


Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar.


Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady.


Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.


Soňra ol ýere birinji bolup baran şägirt hem mazaryň içine girdi. Muny görüp, ol Isanyň direlendigine ynandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ